Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň boks we erkin göreş boýunça baş tälimçileri bellenildi; Habib Nurmagomedow türkmenler bilen surata düşdi


Türkmenistanly türgen Batyr Borjakow Indoneziýanyň Jakarda şäherinde göreşýär. 2018 ý.
Türkmenistanly türgen Batyr Borjakow Indoneziýanyň Jakarda şäherinde göreşýär. 2018 ý.

Türkmenistanyň boks boýunça saýlama toparynyň baş tälimçisi wezipesine ukrainaly Wladimir Dworsow bellenildi. Onuň kandidaturasyny Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tassyklady.

Ukrainanyň boks boýunça at gazanan tälimçisi Dworsow mundan öň Eýranda, Gazagystanda dagy tälimçilik edipdi. Dworsow bu wezipede russiýaly tälimçi Aleksandr Lebzýagy çalyşdy.

Şeýle-de, Türkmenistanyň erkin göreş boýunça baş tälimçisi wezipesine rus we türk raýatlygyna eýe Ramazan Ibraýhanow bellenildi. Ramazan Şahin ady bilen hem tanalýan türgen erkin göreş boýunça olimpiýa, dünýä we Ýewropa çempiony bolupdy.

Häzirki wagt Türkmenistanyň erkin göreş boýunça saýlama topary Dagystanyň Mahaçkala şäherindäki Gamid Gamidow adyndaky olimpiýa rezerwlary ýöriteleşdirilen sport mekdebinde türgenleşik geçýär.

Bu aralykda, garyşyk söweş tärleri boýunça belli rus türgeni Habib Nurmagomedow özüniň Instagram hasabynda Türkmenistanyň saýlama topary bilen düşen suratyny ýerlerşdirdi.

"Şu gün Dagystana türgenleşmäge gelen erkin göreş boýunça türkmen topary bilen duşuşdym. Olar öz başlangyçlaryna taýýarlanýarlar. Üstünlik hemraňyz boslun, Doganlarym" diýip, Nurmagomedow öz hasabynda ýazgy galdyrdy.

Mundan öň, Habib Nurmagomedowyň kakasy, belli tälimçi Abdulmanap Nurmagomedow Türkmenistany özüniň ikinji Watany atlandyrypdy.

Internetde peýda bolan wideoda Abdulmanap Nurmagomedowyň türkmenlere ‘salam’ ýollaýan we ýaşlygynyň belli bir böleginiň Türkmenistanda geçendigini aýdýan pursatlaryny görkezýän wideo peýda bolupdy.

XS
SM
MD
LG