Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäniň ençeme döwleti Boeing 737 MAX 8 uçarynyň gatnawyny togtatdy


Boeing 737 MAX 8 ýolagçy uçary.

Efiopiýada Boeing 737 MAX 8 uçary heläkçilige uçrap, 157 adamyň ölümine sebäp bolandan soň, dünýä ýurtlarynyň ençemesi bu uçarlaryň gatnawyny togtatdy.

Gazagystanyň Raýat Awiasiýa Komiteti Boeing 737 MAX uçarlarynyň uçuşlaryny bes edýändigini mälim etdi.

Ýewropa Bileleşigi, Norwegiýa, Awstriýa, Hytaý, Malaýziýa, Singapur, Indoneziýa, Braziliýa, Meksika, Hindistan we beýleki birnäçe döwlet, öňüni alyş çäreleriniň çäginde, öz howa giňişligini bu uçarlar üçin ýapýandygyny yglan etdiler.

Mundan öň, Fransiýa we Germaniýa Boeing 737 MAX 8 uçarlarynyň gatnawyny ýatyrandyklaryny mälim edipdiler.

Oman we Birleşen Arap Emirlikleri hem uçaryň uçuşlaryny togtadandyklaryny aýtdylar.

ABŞ Boeing 737 MAX 8 uçaryň gatnawlaryny bes etmek boýunça “prosesiň başyndadygyny” mälim etdi. Bellesek, Birleşen Ştatlary 10-njy martda bolan heläkçiligiň sebäplerini derňemek üçin efiopiýa resmilerine hemaýat berýär.

Dünýäniň iň iri uçar öndürijisi Boeing öz uçarlarynyň “howpsuzlygyna doly kepil geçýändigini”, şeýle-de öňümizdäki hepdelerde 737 MAX üçin täze uçuş gözegçilik tilsiminiň ornaşdyryljakdygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG