Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Horezmde özbek-türkmen Dostluk öýi işläp başlady


Horezmdäki özbek-türkmen Dostluk öýi.
Horezmdäki özbek-türkmen Dostluk öýi.

Özbegistanyň Horezm welaýatynyň Ürgenç etrabyndaky “Uly howly” atly taryhy ýadygärligiň golaýynda ýerleşýän özbek-türkmen Dostluk öýi işläp başlady.

Bu öýüň işe girizilmegi bilen bagly 12-nji martda Özbegistanyň Gürgen sebitiniň eteginde metbugat konferensiýasy geçirildi. Oňa ýokary derejeli özbek resmileri bilen bir hatarda, Özbegistanda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem gatnaşdy.

Bu konferensiýa gatnaşan Özbegistanyň Medeniýet ministrliginiň metbugat gullugynyň başlygy Mawlýuda Askahujeýewanyň aýtmagyna görä, bu Dostluk öýünde gadymdan bäri bir döwletiň içinde, özbekler bilen bir maşgala bolup ýaşaýan türkmenler baradaky maglumatlar bilen tanşyp bolýar.

Horezmdäki özbek-türkmen "dostluk öýi" işläp başlady
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:58 0:00

Şeýle-de, bu öýde Hywa hanlygynyň döwründe ýaşan türkmenleriň taryhy we medeniýeti barada sergi hem köpçülige hödürlenýär.

Özbek-türkmen Dostluk öýünde kitaphana, dürli çäreleri geçirmek üçin niýetlenen konferensiýa jaýy hem işläp başlady. Şeýle-de, 20 orunlyk myhmanhana hem işe girizildi.

Bu öýüň howlusynda türkmeniň görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi hem oturdylandyr.

Dostluk öýüniň işe girizilmegi mynasybetli geçirilen metbugat konferensiýasyndan soňra, sungat işgärleriniň wekilleri türkmen we özbek dillerinde aýdym aýdyp, dürli tanslary ýerine ýetirdiler.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň agzalýan konferensiýa gatnaşan habarçysy Gaýrat Bobojonow bu çärä Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň resmileriniň hem çagyrylandygyny, ýöne oňa türkmen tarapyndan hiç bir wekiliň gatnaşmandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen telefon arkaly habarlaşyp, kommentariýa almak synanyşyklary hem netije bermedi.

Ýatladyp geçsek, özbek-türkmen Dostluk öýi Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we özbek lideri Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda geçen ýylyň aprel aýynda açylypdy.

Özbegistana eden iki günlük resmi saparyň dowamynda Horezm welaýatynda türkmen liderini Özbegistanyň sungat işgärleri milli türkmen lybaslarynda garşy alypdylar.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy prezidentleriň Horezme sapar eden güni Ürgençde hereketiň çäklendirilendigini, özbegistanly talyplaryň köçede ýagyşly howada sagatlap garaşdyrylandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG