Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Braziliýada ozalky okuwçylar bir mekdebe hüjüm etdiler


Ýerli polisiýa wekili hüjümçileriň .38 kalibrli rewolwerler, Molotow kokteýlleri, pyçaklar we paltalar bilen ýaraglanandyklaryny mälim etdi.

Braziliýanyň Sao Paulo şäheriniň golaýyndaky mekdepleriň birinde ozalky iki okuwçynyň amala aşyran hüjümi netijesinde ýedi adam, şol sanda bäş okuwçy öldürildi; 11 adam hem ýaralandy.

Resmileriň beren maglumatyna görä, soňy bilen ýüzi maskaly hüjümçileriň biri ilki öz şärigini öldüripdir, soňy bilen-de özüni helekläpdir.

Ýerli polisiýa wekili hüjümçileriň .38 kalibrli rewolwerler, Molotow kokteýlleri, pyçaklar we paltalar bilen ýaraglanandyklaryny mälim etdi.

Hüjümçiler 17 ýaşly Guilherme Taucci Monteiro we 25 ýaşly Henrique de Castro diýlip tanyşdyryldy. Olaryň näme sebäpden hüjümi amala aşyrandygy belli däl.

17 ýaşly hüjümçiniň ejesiniň sözlerine görä, mekdepde onuň ogly dowamly kemsitmelere sezewar edilipdir.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG