Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon INF şertnamasynyň gadagan eden raketalarynyň synagyny geçirmekçi bolýar


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Pentagon, ozal “Orta aralykly ýadro güýçleri” (INF) şertnamasynyň çäklerinde 30 ýyl töweregi gadagan edilen, ýerden atylýan ganatly raketalarynyň synagyny şu tomus geçirmekçi bolýandygyny mälim etdi.

“Biz awgustda ýerden atylýan ganatly raketlaryň synaglaryny geçirmekçi” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran ABŞ-nyň ýokary derejeli harby resmisi Reuters gullugyna maglumat berdi.

Mundan öň, Waşington we NATO Moskwany öz 9M729 ganatly raketasyny (SSC-8 diýip hem bilinýär) gurup, 1987-nji ýylda baglaşylan şertnamanyň düzgünlerini bozmakda gaýta-gaýta aýyplap, fewral aýynda ondan çykypdy.

Aýyplamalary inkär edýän Russiýa hem INF şertnamasyndan çykdy.

Bu ylalaşyk iki ýurduň hem gury ýer ganatly raketalaryny atyjysyny ýa-da 500 we 5,500 kilometr aralygyna ýetýän ballistik raketalary işläp düzmegini we edinmegini gadagan edýärdi.

Awgustda synagdan geçmeli raketanyň 1 müň kilometr aralygyna ýetmek mümkinçiligi bar. Eger-de, synag üstünlikli geçse, onda raketanyň 18 aýyň dowamynda harby güýçleriň düzümine ýerleşdirilip başlanmagy mümkin diýip, anonim resmi maglumat berdi.

XS
SM
MD
LG