Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýranyň nebit eksportyny “20 prosent” kemeltmegi maksat edinýär


Nebit eksporty Tähranyň esasy girdeji çeşmesidir.

ABŞ maý aýyndan başlap Eýranyň çyg nebit eksportyny 20% kemeltmegi göz öňünde tutýar. Waşington muňa razy bolmadyk importýorlaryň ABŞ-nyň sanksiýalaryna duçar boljakdyklaryny duýdurýar.

Reuters habarlar gullugynyň, bu ýagdaýlardan habarly iki çeşmäniň sözlerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, “häzir Eýranyň nebit eksportyny bir günde 1 million barrele çenli düşürmek maksat edinilýär”.

Prezident Donald Trampyň administrasiýasyndaky bir çeşmäniň maglumatyna görä, eger-de Eýranyň nebit eksporty dolulygyna we bata-bat togtadylsa, onda munuň nebitiň dünýä bazaryndaky bahalaryny ýokarlandyrmagy mümkin.

“Dolulygyna togtatmak kyn bolup biler” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran ABŞ resmisi Reuters gullugyna maglumat berdi.

Ol Brent markaly çig nebitiň her barreliniň 65 dollardan satylmagy “Trampyň adminsitrasiýasy üçin kabul ederlik iň ýokary görkeziji” bolandgyny aýtdy. 13-nji martda Brent nebitiniň her barreli 67.55 dollardan satyldy.

Döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) “bazar şertleriniň mümkinçilik beren pursady, ABŞ-nyň Eýranyň çyg nebit eksportyny dolulygyna togatmagy göz öňünde tutýandygyny” aýtdy.

Döwlet departamentiniň Eýran boýunça ýörite wekili Braýan Hook (Brian Hook) Hýustondaky geçirilen senagat konferensiýasynda Waşingtonyň Eýranyň çyg nebit eksportyny nola düşürmek isleýändigini belledi.

Prezident “Eýrana garşy ykdysady basyşy güýçlendirmek üçin tagalla etmelidigini açyk aýtdy, şol bir wagtda-da ol nebit bazarlaryny tisgindirmek islemeýär” diýip, resmi belledi.

ABŞ 2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygyndan çykanyndan soň, Tährana garşy sanksiýalaryny ýaňadandan girizipdi. Şol ylalaşyga laýyklykda, Eýranyň özüniň ýadro programmasyndan el çekmeginiň öwezine, oňa garşy girizilen halkara sanksiýalary gowşadylmalydy.

ABŞ noýabrda saksiýalary gaýtadan girizeninden soň, ol eýran nebitini eksport etmek üçin Italiýa, Türkiýä, Hytaýa, Hindistana, Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Taýwana wagtlaýyn eglişikleri beripdi. Bu gürrüňi gidýän ýurtlaryň sanksiýalara uýgunlaşmagy üçin wagt bermek maksady bilen edilipdi.

Nebit eksporty Tähranyň esasy girdeji çeşmesidir.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG