Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik-gyrgyz jedelli serhet araçägininiň golaýyndaky iki gyrgyz obasynyň ýaşaýjylary ewakuasiýa edildi


Batken gyrgyz-täjik serhet araçägi.

Gyrgyz resmileri Täjigistan bilen jedelli serhet araçäginde ýüze çykan ganly çaknyşyklardan soň, iki obanyň ýaşaýjylaryny ewakuasiýa etdiler.

Gyrgyz hökümetiniň ýaýradan beýanatyna görä, Ak-Saý we Kok-Taş obasynyň ýaşaýjylary Batkene geçirilipdirler.

Bu aralykda, gyrgyz wise-premýeri Ženiş Razakow özüniň täjik kädeşi Azim Ibrohim bilen duşuşdy; resmiler sebitde parhatçylygyň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny belläp geçdiler.

Gyrgyzystanyň jedelli täjik-gyrgyz serhet araçäginde dawaly ýoluň gurluşygyna ýaňadandan girişmegi netijesinde gazaply çaknyşyklar ýüze çykypdy.

Iki günüň dowamynda oba ýaşaýjylarynyň çaknyşyklarynda azyndan iki adam öldürildi, başga-da onlarçasy ýaralandy.

Gyrgyzystan bu sebitde eýýäm ençeme ýyl bäri ýoluň gurluşygyny alyp barmakçy bolýar.

Täjigistan ýoluň bir böleginiň dawaly sebitiň üstünden geçýändigini, şeýle-de serhet araçäkleri doly kesgitlenmeýänçä onuň gurluşygyna başlamaly däldigini aýdyp gelýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG