Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taryhyň synagy (1-nji bölüm): XX asyryň 30-njy ýyllaryna çenli 350.000 töweregi türkmen Owganystana bosup çykdy


Illýustrasiýa suraty. Türkmen tebigaty

"Dünýä Türkmenleri" gepleşiginiň bu sany geçen asyryň 20 - 30-njy ýyllarynda türkmen topragyny terk edip, Owganystana bosup çykan türkmenlerden söz açýar. Köpçülikleýin migrasiýanyň taryhy sebäpleri, onuň täsiri we netijeleri nämelerdi?

XX asyryň I çarýägi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkalary üçin, şol sanda türkmenler üçin taryhyň aýgytly öwrümi boldy. Rus imperiýasynda bolan öwrülişigiň täsiri dünýäniň kartasyny üýtgetdi. Merkezi Aziýa ýurtlarynda täze sowet respublikalary döredildi. Sebitiň etniki düzümleri şertlere aýakdaş özgerdi. Dürli sebäpler ýüzmüňlerçe türkmeni topar-topar bolup, öz ýurdundan mejbury gaçyp çykmaga iterdi. Olar hususan-da häzirki Türkmenistan bilen araçäkleşýän häzirki Owganystan hem-de Eýran yslam respublikalaryna bosup çykdylar.

“Dünýä Türkmenleri” gepleşiginiň bu sany geçen asyryň başlangyjynda türkmen topragyndan Owganystana gaçyp çykmaga mejbur bolan adamlaryň ykbaly, olaryň duçar bolan kynçylyklary, utan we utulan zatlary, häzirki ýagdaýlary, isleg-arzuwlary baradaky çykyşlara gönükdirilýär.

Onuň dowamynda Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myradynyň, aşgabatly publisist ýazyjy hem-de taryhy öwreniji Amanmyrat Bugaýewiň bu tema boýunça pikir-garaýyşlaryny, şeýle-de, geçen asyryň başynda türkmen topragyndan janlaryny halas etmek üçin gaçyp Owganystana göçüp baran käbir ýaşuly türkmenleriň hut özleri bilen 20 ýyldan gowrak wagt mundan ozal geçirilen interwýudan gysga bölekleri ýeri gelende arhiwden alyp size eşitdirýäris.

Taryhyň synagy (1-nji bölüm): XX asyryň 30-njy ýyllaryna çenli 350.000 töweregi türkmen Owganystana bosup çykdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Esasy dört sebäp

Aşgabatly taryhy öwreniji Amanmyrat Bugaýew geçen asyryň başynda türkmenleriň köpçülikleýin ýurtdan gaçyp çykmagynyň esasy dört sebäbini ilki gysgaça aýdyp, soňra olary giňişleýin düşündirdi:

Muny dört sebäp bilen düşündirmeli:

  • Birinji sebäp: 1917-nji ýylda Bolşewikleriň rewolýusiýasynyň ýeňmegi
  • Ikinji sebäp: “Basmaçylyk” hereketini Bolşewikleriň özleri başlap, soňundan-da, türkmençeläp aýdylanda, “urup aglaýar” diýlenini edip, ähli günäni ýerli halkyň boýnuna oklamagy
  • Üçünji sebäp: 1925 – 1927-nji ýyllarda geçirilen ýer-suw reformasy
  • Dördünji sebäp: 1929 – 1933-nji ýyllar aralygynda geçirilen “kolhoz” gurluşygy. Şu hem adamlary “diňe başymy aman alyp galsam bolýar, men şu ýurtda galsam, barybir, Bolşewikler sürgün ederler, ýurdumdan aýyrarlar” diýen gorky bilen gaçyp gidýärler” diýip, Bugaýew aýtdy.

Ol türkmen topragynda öz dogduk diýarlaryny terk etmäge mejbur bolan adamlaryň topar-topar bolup, ýurtdan gaçyp, göçüp gitmekleriniň ilkinji sebäbi hökmünde 1917-nji ýylyň oktýabr aýynda bolan Bolşewik rewolýusiýasyny görkezdi. Eýsem, näme üçin?!

Täze ýöne del kimlik

Amerikaly taryhçy Adrien Lin Edgar (Adrienne Lynn Edgar) 2004-njy ýylda Birleşen Ştatlaryň Prinston uniwersitetiniň neşirýat gullugynda çap etdiren “Taýpa milleti: Sowet Türkmenistany ýasamak” atly kitabynda ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň göz öňünde tutýan ilkinji sebäbiniň, ýagny Bolşewizmiň türkmen halkynyň durmuşyna, onuň gymmatlyklaryna ýetiren täsiri barada gürrüň edýär.

Onda aýdylmagyna görä, bolşewikler özleriniň agalyk edýän halkaryny sosialist döwrebaplyk kimligini, ýagny sosialist modernizmi kabul etmäge ýokardan mejbur edýär. Muny aşgabatly ýazyjy giňişleýin şeýle düşündirýär:

“Taryhda oktýabr ynkylaby, oktýabr rewolýusiýasy diýilýän 1917-nji ýylda amala aşyrylan rewolýusiýa, ýa-da döwlet agdarylyşygyndan soňra türkmenleriň-de, umuman Orta Aziýada ýaşaýan beýleki milletleriň-de boýnuna, olaryň ata-baba däp-dessuryna ters gelýän jemgyýetçilik formasiýasy, ýagny biziň sosializm diýýänimiz dakylyp başlandy. Bu hem adamlaryň köpçülikleýin öz ýurtlaryny taşlap başga ýurtlary watan tutunmagyna sebäp boldy” diýip, Bugaýew düşündirýär.

Adrien Lin Edgaryň kitabynda bolşewikleriň türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny, onuň ýaşaýyş-durmuş medeniýetiniň käbir elementlerini “yzagalaklyk” atlandyryp, olara garşy göreş alyp barandygy nygtalýar.

Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy Şamerdanguly Myrady bolşewikleriň zulmundan gaçyp owgan topragyna göçüp baran käbir adamlaryň hut özleri bilen 21 ýyl töweregi mundan ozal gürrüňdeş bolupdy. Şol söhbetdeşlikleriň arhiw ýazgylary bar. Olarda ýaşuly nesil özleriniň bolşewiklerden gaçyp, owgan topragyna göçüp baryşlary barada öz başdan geçirmelerini gürrüň berýärler.

Olar öz ýaşaýan ata watanlaryny, ene topragyny yzda goýup käbiri gijäniň tümlüginde, käbir gyşyň aňzagynda ümsüm serhetden aşyp, şirini janlaryny we namys-mertebelerini halas etmek üçin owgan topragyna aşýar. Olar özlerine ýokardan çenelýän “sosializmden” halas bolmagy, ata-baba durmuş endiklerine eýe çykmagy namys-mertbelerini halas etmek hasaplaýarlar.

Owgan türkmeleriniň hataryndan Jumanazar aga häzir aýatda diri bolsa 100 ýaşlarynda bolýar. Ol Azatlyga interwýu berende 80 ýaşlaryndady. Onuň gürrüňlerinden çen tutup hasaplasaň, olaryň 1935-36-nji ýyllarda Türkmenistany terk etdikleri bolýar.

“Ilki Andhoýa geldik. Andhoýda 1-2 ýyl oturyp, soňra Şybyrgan tarapa geldik, biziň köpräk oturan jaýlarymyz şol ýerleridir. Biz iň ahyrynda gaýtdyk. Meniň atam “kentirewan” ekeni, kowumlary [serhetden] ötürýän ekeni. 16 ýyl ozal ötüren adamlarynyň, ilki gelip eken agaçlary biz gelenimizde adamyň bili ýaly ýogyn bolup giden ekeni. 16 ýyl soň ötdük. Atamyz hem gijä galyp iň ahyrynda serhetden iň ahyrynda geçen. Köp ýyl aradan ötüpdir, meniň atam bolsa haçan islesem öterin diýip, arkaýyn bolup gezipdir” diýip, Jumanazar aga gürrüň berýär.

Eger onuň kakasy özleriniň serhetden aşmaklaryndan 16 ýyl ozal adamlaryň serhetden aşmaklaryna kömek edip başlan bolsa, onda ol jelagaýyň adamlarynyň takmynan 1919-njy ýyldan başlap ýurdy terk edip başlandyklaryny alamatlandyrýar.

Ahmal, ol döwürler adamlaryň serhetden aşmagyna ýardam berenlere “kentirewan” diýilýändir. Jumanazar aga beren gürrüňinde türkmen topragynda mesgen tutan ýerlerini ýatlaýar. Onuň gürrüňlerine görä, olar häzirki Lebap topragynda ýaşan ekeni:

Penşenbe bazar diýip bir bazarymyz bardy, oňa “ketde bazar” diýilýärdi. Şol bazary bilýärin, ol göz öňüme gelip dur. Biz ýaş oglan wagtlarymyz şol bazara barýardyk. Babamyz şol ýerde [Türkmenistanda] öldi, atamyz Owganystana gelenden soň öldi” diýip, Jumanazar aga ýatlaýar.

Güjügiň çöregi

Olar ýurdy duýdansyz terk edýär. Jumanazar aganyň kakasynyň doganyny şugullar ruslaryň eline düşürýär. “Muhbirler ony orslara bendi etdirdi” diýip, ol gürrüň berýär. Şondan soň onuň atasy goýun-geçilerini meýdana kowup, dikigli jaýlarynyň içinde, hamala, özleri ýaşap oturan ýaly görünmegi üçin çyra ýakyp, öýüň işiginde daňygly güjügiň öňüne çörek dograp, çagalary gyzyl çuwallara salyp gijäň ýary ümsüm ýurtdan gaçyp gaýdýarlar. Biz orslardan gaçyp gaýtdyk diýip, Jumanzar aga aýdýar:

“Gaýtjak wagtlarymyz, ilki, atam arkaýyn ekeni, weç daşap ýören ekeni. Biziň atamyzyň doganyna Rozymät diýer ekenler. Ony orslar tutup alypdyr. Ony mubirler bendi etdiren ekeni. Ana şondan soň, atamyzyň özi geçileri jeňňele bakan kowup, birden öýlerde çyra ýakyp, güjügem daňyp, öňüne nan döküp, şeýdip, ogrynça gaýdan. Ähli zatlarymyz şol ýerde galdy biziň. Türkmenistanda. Atam hiç zadyny satyp pul edip ýetişmändir. Gallalarymyz zatlarymyz, dikilen öýlerimiz galypdyr. Orsdan gaçyp gaýdan atalarymyz. Bizleri gyzyl çuwallara salyp, düýä ýükläp, ogryn şeýdip gaýdypdyrlar” diýip, Jumanzar aga gürrüň berýär.

Bolşewikler güjügiň ýüpüni çözdülermi?

Aradan 60-70 ýyl geçendigine garamazdan, Jumanzar aga türkmen topragynda ýaşan döwürlerinde ýaşan öýleriniň işigindäki güjügi ýatlaýar. Ýurdy terk edenlerinde onuň öňüne çörek dograp gaýdandyklaryny hem ýatlaýar. Ýöne, haýp, güjügi daňyp gidipdirler. Bolşewikler gelip şol güjüge eýe çykdylarmy, çykmadylarmy, bu häzir aýatda diri bolsa, Jumanazar aga-da, başgalara-da syr bolup galýar.

Ata watan

Jumanazar aga ata watany ýatlaýar, ara düşen şonça ýyldan soň, ol ýere baryp görmegi arzuw edýär:

“Ata watan ýaly ýagty jaý nirede bar!? Olaryň miweleri, şirin ýagty jaýlary bar...Ata-babalarymyzyň göbek ganynyň dökülen ýerleri. Ol ýagty jaý. Haçan nesibe bolsa, gideris oňa, inşalla” diýip, ol umyt bildirýär.

Jumanazar aganyň Azatlyk Radiosyna interwýu berenden soňky geçen 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda oňa ata watana baryp görmek miýesser edipdirmi, ýa etmändirmi, bu mälim däl.

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew “ata watan” sözüniň özüniň aslynda türkmen dilinde bolmandygyny, onuň rus dilindäki “oteçestwo” (отечество) sözünden terjime edilen sözdügini düşündirýär. Ýöne, göräýmäge, ata watan sözi arassa türkmen sözi ýaly bolup eşidilýär.

Azatlyk Radiosynyň kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady geçen asyrda owgan tarapa bosup geçmäge mejbur bolan ýaşuly nesil bilen alan interwýusy barada gürrüň berýär:

“Owgan türkmenleriniň Türkmenistany bosup geçen ýaşulylary bilen köp gepleşikler etdim men. Şoňa esaslanyp aýtsam, owgan türkmenleriniň aglabasy Türkmenistandan Owganystana bosa-bosluk edip, 30-njy 40-njy ýyllar aralygynda bärik geçipdirler. Şolar gürrüň berýärler, “biz Türkmenistanyň Lebap welaýatyndan, Mary welaýatyndan, beýleki ýerlerinden bärik bosup geçmäge mejbur bolduk” diýip, gürrüň berýärler. Lebap welaýatynyň Borjalyk, Kerki, Kerkiçi diýen ýerlerinden, Halaç etrabyndan diýip gürrüň edýärler. Şol ýerlerden bärik göçüp gaýtmaga mejbur bolduk. Biziň öý-jaýlarymyz galdy. Biziň garyndaşlarymyz şol ýerde galdy, aga-inimiz galdy” diýip gürrüň berýärler” diýip, Şamerdanguly Myrady aýdýar.

350.000 türkmenistanly bosgun

Taryhy öwreniji Amanmyrat Bugaýew taryhy arhiw materiallaryna salgylanyp, 1930 – 1931-nji ýyllarda Türkmenistanyň çäginden Owganystana 350 müň adamyň mejbury emigrasiýa gidendigini gürrüň berýär.

“Lebap welaýaty durşuna diýen ýaly boşap galýar. 1930 – 31-nji ýyllaryň dowamynda Lebap welaýatyndan häzirki Owganystan yslam respublikasyna 350.000 adam mejbury emigrasiýa gidipdir. Olar özleriniň mal-garasyndan geçip gidipdirler, başarsalar özleriniň bar bolanja baýlygyny, Buhara emirliginde zatda zikkelenen altyn-kümüş pullarynyň bolanjasyny alyp, kimseler eşekli kimseler pyýada 350.000 adam gidipdir. Şol döwürde tas boşap galan etraplar bar, bir-ä häzirki Halaç etraby bar. Soňra ol Kerkä birikdirilýär. Kerki etrabynda edil Halaç ýaly Kerkä 20-nji ýyllaryň ahyrynda 30-njy ýyllaryň başynda birikdirilen Gyzylaýak diýlen hem etrap bolan. Şularda ýaşaýjylaryň göni 42 %-i Owganystana aşýarlar. Olar maldan-garadan geçip gidýärler. Ýöne ol ýere baranlarynda Owganystanda-da gujak açyp duran adam ýok” diýip, Bugaýew gürrüň berýär.

12 %

Bolşewikler türkmen topragy bilen Owganystanyň arasyndaky serhedi, ýazyjynyň maglumatlaryna görä, heniz Lenin diri wagty, 1921-nji ýylda täzeden kesgitleýär; serhedi bosup, Owganystana geçen 350.000 türkmeniň 12 %-ine golaýy aňyrda açlyga duçar bolup, soňy bilen yzyna, öz ýurduna dolanýar. Ýöne gelenden soň hem olara yrsaralýar, köpüsi sürgün edilýär. Şol sebäpden olaryň hatarynda ýene-de yzyna, Owganystana gaçanlar bolýar.

Basmaçylyk

Taryhy öwreniji Amanmyrat Bugaýew “basmaçylyk” hereketleri diýilýän aýyplamalaryň netijesinde sowet häkimiýetleriniň gören çäreleriniň hem adamlaryň ýurdy terk etmeginde uly rol oýnandygyny gürrüň berýär. Ýöne muňa garamazdan, şol döwürlerde häkimiýetleriň “basmaçylyk” hereketleri diýilýänleri basyp ýatyrmak boýunça eden basyşlary, hereketiň soňlanmagyna däl, gaýtam örňemegine getirýär. Bu barada şol wagtky Türkistan awtonom sowet respublikasynyň ýolbaşçyysy Gaýgysyz Atabaýew 1922-nji ýylda çykyş edýär:

“Türküstanda “basmaçylyk” hereketini basyp ýatyrmaklyk başartmady, tersine basmaçylaryň sany öňküsinden has köpeldi. Oňa-da sebäp bolan zat milletiň boýnuna ýat bolan zatlar, milletiň edim-gylymyna, milli däp-dessuryna ters gelýän zatlar zor bilen dakyljak boldy” diýip, [Atabaýew] aç-açan çykyş edip, özleriniň kemçiligini boýun alýar” diýip, Bugaýew gürrüň berýär.

Kim "gaçak", kim "goçak"?

Bu maglumatlardan çen tutulsa, ýurdy terk eden türkmenler sowet häkimiýetleriniň özlerine ýokardan mejbur eden täze durmuş ýörelgelerini, sosializmi, sosialist döwrebaplyk kimligini kabul etmekden boýun gaçyryp, öz ata-babalaryndan gelýän edim-gylymyny, özleriniň durmuş ýörelgelerini, däp-dessurlaryny saklamak ugrunda bolşewikleriň agalygyndan halas bolmak üçin serhetden başyny alyp çykyp gidýärler.

Ýöne ironiýa serediň, golaýda Azatlygyň çap eden maglumatynyň aşagynda teswir galdyran birnäçe okyjy, geçen asyryň ikinji üçünji onýyllyklarynda ýurdy terk eden adamlary, agyr günde watany milleti terk etmekde aýyplaýar. Eýsem, olar milleti millet edýän kimligi, milleti millet edýän şahsyýeti, milletiň hamyr maýasyny, özenini, däp-dessurlaryny, medeniýetini, edim-gylymyny saklamak ugrunda ýurtdan başlaryny alyp çykan bolsalar, onda kimiň agyr günde nämäni terk etdigi bolýar!?

Galyberse-de, adamyň öz janyny halas etmek ugrunda oňlarlykly baş goşýan işini başga biriniň sorag astyna almaga haky barmy!?

Üstesine, ýazyjy Bugaýew türkmen halkynyň bir bitewi millete öwrülmek prosesiniň heniz hem dowam edýändigini aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy owgan türkmenleriniň arasynda, hususan-da ösüp gelýän ýaş nesliň Türkmenistan babatda watançylyk duýgulary besleýändigini gürrüň berýär.

Özge döwletiň raýatlary

Ýöne her niçik-de bolsa, olar indi başga döwletiň raýatlary, goňşy Owganystanyň çäginde ýaşaýarlar, Owganystanyň Baş kanunyna tabyn bolup, Owganystanyň kanunçylygynyň talaplaryna eýerýärler, Owganystanyň kanuny çägini özlerine mesgen edinýärler, ýurduň bitewiligine goşant goşýarlar; köp milletli owgan mozaikasyny düzýän kartinanyň özboluşly öwüşgini bolup, öz ýurtlarynyň medeni-syýasy we jemgyýetçilik durmuşyna garylyp gatylýarlar.

Hormatly okyjylar biz bu temany gepleşigimiziň üstümizdäki sanlarynda-da dowam ederis!

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG