Russiýa Gazagystanda maliýe gaplyklarynda aýyplanýan gazak biznesmenini yzyna – Astana ekstradisiýa etdi. Žomart Ertaýewiň aklawçylary bolsa, öz müşderilerine bildirilýän aýyplamalaryň hakykata bap gelmeýändigini aýdýarlar.
Gazagystanyň baş prokurorynyň metbugat edarasynyň beren maglumatyna görä, Ertaýew paýtagt Astananyň deslapky tussaghanasynda saklanylýar.
2018-nji ýylyň maýynda Moskwanyň polisiýasy Ertaýewi Gazagystanyň haýyşy esasynda tussag edip, ony öý tussaglygyna ýerleşdiripdi.
Ertaýewiň aklawçylary onuň Gazagystanyň raýatlygyndan ýüz öwürendigini, şeýle-de Gazagystana dolansa janyna howp abanyp biljekdigi sebäpli, Russiýadan gaçybatalga sorandygyny mälim etdiler.
Gazak prokuratrusy Ertaýewiň gazak bankalarynyň birinde maslahatçy bolup işlän döwri maliýe galplyklaryna baş goşandygyny aýdýar.