Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda öldürilen tigirçiniň ejesi maliýe kompensasiýasyny talap edýär


Jea Santowasko ogly Jaý Austin bilen.
Jea Santowasko ogly Jaý Austin bilen.

Täjigistanda geçen ýyl terroristik hüjümiň netijesinde öldürilen daşary ýurtly dört tigirçiniň biriniň ejesi Merkezi Aziýa döwletinden maliýe kompensasiýasyny talap etjekdigini aýtdy.

Jaý Austiniň ejesi Jea Santowaskonyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, onuň özi, şeýle-de onuň Nýu-Jerseý ştatynyň bir resmisi Täjigistanyň ABŞ-daky ilçisi bilen duşuşyp, öz meýillerini mälim edipdirler.

Santowasko Täjigistandan talap edýän maliýe kompensasiýasynyň mukdary barada hiç zat aýtmady.

Austin geçen ýylyň 29-njy iýulynda Täjigistanda öldürilen daşary ýurtly dört tigirçiniň biridi.

Hüjümde Austinden başga-da onuň hallaşýan gyzy, ABŞ-nyň raýaty Lauren Geoghegan, bir gollandiýaly we bir şwesiýaly erkek kişi öldürilipdi.

XS
SM
MD
LG