Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Makedoniýa parlamente edilen hüjüm bilen ilteşikli 16 adamy türmä höküm etdi


Ozalky içeri işler ministri Mitko Çawkow (ortada) suduň özüne çykarýan hökümini diňleýär. Skopýe. 15-nji mart, 2019 ý.
Ozalky içeri işler ministri Mitko Çawkow (ortada) suduň özüne çykarýan hökümini diňleýär. Skopýe. 15-nji mart, 2019 ý.

Demirgazyk Makedoniýa 2017-nji ýylda parlamentiň binasyna edilen hüjüm bilen ilteşikli 16 kişini, şol sanda ozalky içeri işler ministrini uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm etdi.

Ozalky içeri işler ministri Mitko Çawkow “konstitusion gurluşa we howpsuzlyga terroristiki wehim salmakda” aýyplanyp, 18 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

2017-nji ýylyň 27-nji aprelinde parlamentiň binasyna zabt edilen pursady Çawkow jemgyýetçilik howpsuzlyk býurosynyň başlygy bolup işleýärdi.

Sud aýyplanýan beýleki 15 şahsyýeti hem, şol bir aýyplamalar esasynda, ýediden 15 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm etdi.

Aýyplanýanlaryň ýene biri, belli opera aýdymçysy Igor Durlowksi aklandy.

Türme tussaglygyna höküm edilenleriň käbiri parlamente hüjüm edilen pursady degişli çäreleri görmezlikde günäli tapyldylar.

2017-nji ýylda saýlawlaryň yz ýany dörän bidüzgünçilikleriň fonunda, 100-e golaý milletçi demonstrant paýtagt Skopýede parlamentiň binasyna kürsäp giripdi.

Milletçiler ýurduň etniki albanlaryna wekilçilik edýän partiýalaryň hem gatnaşmagyndaky hökümetiň düzülmeginiň öňüni aljak bolupdylar.

Hadysada žurnalistleriň we resmileriň onlarçasyna şikesler ýetipdi.

XS
SM
MD
LG