Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Wenesuela boýunça wekili Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşar


ABŞ-nyň Wenesuela boýunça ýörite wekili Elliott Abrams
ABŞ-nyň Wenesuela boýunça ýörite wekili Elliott Abrams

ABŞ-nyň Wenesuela boýunça ýörite wekili Elliott Abrams 18-19-njy mart aralygynda Rimde Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow bilen duşuşar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet Departamenti maglumat berýär.

Ýaýradylan beýanatda bellenmegine görä, iki resmi “Wenesueladaky barha dartgynlaşýan ýagdaýlary maslahat ederler”.

Abrams Rime edýän saparynyň çäklerinde italiýan resmileri bilen hem gepleşik geçirer.

23-nji ýanwarda oppozisiýa syýasatçysy we parlamentiň spikeri Juan Guaido özüni geçiji prezident hökmünde yglan etdi. Bu soňky günleriň we hepdeleriň dowamynda ABŞ, Ýewropa Bileleşiginiň aglaba döwletleri we Latin Amerikanyň köp ýurtlary tarapyndan ykrar edildi.

Beýleki döwletleriň ençemesi, şol sanda Russiýa, Eýran, Kuba, Boliwiýa we Türkiýe heniz hem Nikolas Madurony prezident hökmünde ykrar edýärler.

Guaido bilen gapma-garşylyklar döräninden soň, Russiýa häkimiýet başynda galmakçy bolýan Maduronyň iň uly halkara ýaranyna öwrüldi. Galyberse-de, soňky ýyllaryň dowamynda Moskwa Wenesuela milliardlarça dollar karz berdi.

XS
SM
MD
LG