Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze Zelandiýada metjitdäki gyrgynçylykda aýyplanýan aklawçydan ýüz öwürdi


Al Noor metjidiniň öňünde, Täze Zelandiýa, 15-nji mart, 2019
Al Noor metjidiniň öňünde, Täze Zelandiýa, 15-nji mart, 2019

Täze Zelandiýada metjide hüjüm edip, adamlary oka tutmakda günälenýän 28 ýaşly awstraliýaly aklawçydan ýüz öwrüp, özi özüni gorajagyny aýdypdyr. Bu barada onuň aklawçysy habar berýär.

Deslapky sud diňlenişiginde Brenton Tarranta wekilçilik eden Riçard Petersyň 18-nji martda AFP habar agentligine aýtmagyna görä, ol "aklawçy islemeýändigini mälim edipdir".

15-nji martda Kraýstçörç (Christchurch) şäherinde metjitde oka tutulan 50 adam wepat boldy we 40 çemesi ýaralandy.

16-njy martda şäheriň etrap sudunda geçirilen diňlenişikde Tarranta adam öldürmek bilen bagly bir günä bildirildi, emma sudýa ýene başga aýyplamalaryň öňe sürüljegini aýtdy.

Tarrantyň ok atyşykdan öň musulmanlara garşy çagyryş ýaýradan jynsparaz ak supermatist bolmagy hasaplanýar.

Munuň bilen bir wagtda, Täze Zelandiýanyň sudy Al Noor metjidinde bolan zorlukly ok atyşygyň wideosyny göni efirde ýaýradan 18 ýaşlyny sud etdi. Ady köpçülige mälim edilmedik adam, şeýle-de "nyşana ýetdi" diýlen ýazgy bilen metjidiň suratyny ýerleşdirmekde aýyplanýar.

Prokurorlaryň sözlerine görä, oňa her bir aýyplama boýunça 14 ýyllyk tussaglyk garaşýar.

XS
SM
MD
LG