Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kanada Ukrainada türgenleşik missiýasynyň möhletini uzaldar


Kanadanyň daşary işler ministri Krystia Freeland

Kanada Ukrainada 200 agzadan ybarat harby türgenleşik missiýasyny uzaldýandygyny yglan eder.

Bu barada Kanadanyň daşary işler ministri Krystia Freelandyň we goranmak ministri Harjit Sajjanyň 18-nji marta planlaşdyrylan metbugat konferensiýada yglan etjegini Reuters agentligi ygtybarly çeşmesine salgylanyp habar berdi.

Reutersyň habar bermegine görä, goşmaça trenerleriň ugradylmagy göz öňünde tutulmaýar.

Goranmak ministrliginiň metbugat wekili kommentariý bermekden boýun gaçyrdy. Freelandyň wekilleri bilen dessine habarlaşyp bolmady.

Kanada ilkinji gezek Ukraina 2015-nji ýylda goşun ugradypdy we ony mart aýynyň aýagynda yza çekmegi planlaşdyrypdy. Emma ýurduň syýasy we harby resmileri Ukrainanyň we Orsýetiň arasynda dowam edýän dartgynlylygyň missiýanyň uzaldylmagyny talap edýändigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG