Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň tanymal kinorežissýory Marlen Husiýew 94 ýaşynda aradan çykdy


Marlen Husiýew
Marlen Husiýew

Rus kinorežissýory Marlen Husiýew 94 ýaşynda aradan çykdy.

Russiýanyň Kinomotografistler birleşigi Husiýewiň 19-njy martda irden Moskwanyň klinikasynda aýatdan ötendigini mälim etdi.

Husiýew Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside doglupdy we 1952-nji ýylda Moskwanyň tanymal WGIK kino mekdebini tamamlapdy.

Onuň üstünlikli bolan “Zareçnaýa köçesinde bahar” atly ilkinji filmi 1956-njy ýylda meşhurlyga eýe bolupdy.

Filme 30 milliondan gowrak adam tomaşa edip, ol Sowet Soýuzynyň taryhynda iň meşhur filmleriň biri boldy.

Husiýewiň 1965-nji ýylda köpçülige hödürlän “Men ýigrimi ýaşymda” atly filmi öňki stalinist döwrüniň simwollarynyň birine öwrülipdi.

Husiýewiň meşhur beýleki filmleriniň arasynda “Iki Fýodor”, “Iýulyň ýagşy”, “Tükeniksizlik” we şuňa meňzeşler bar.

XS
SM
MD
LG