Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz goranmak ministri ABŞ-nyň NATO guramasyna ygrarlylygyny sorag astyna alýar


Florens Parli

Fransuz goranmak ministri Birleşen Ştatlaryň NATO guramasynyň öňünde uzak möhletleýin ygrarlylygy boýunça aladalaryny beýan edip, ýaranlyga wepalylygyň “şertsiz” bolmalydygyny aýtdy.

18-nji martda Waşingtonda geçirilen Atlantik Geňeşiniň duşuşygynda Florens Parli şeýle diýdi: “Ýewropalylaryň näme barada alada edýändigi şundan ybarat: Birleşen Ştatlaryň NATO-nyň öňündäki borçnamalary hemişelik bolarmy?”.

“Biz ähli zat soňky 70 ýylyň dowamynda bolşy ýaly bolar diýip çaklamalymy?” diýip, Parli Siriýa barada geçirilen gepleşikleriň öňýanynda, Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary wezipesini ýerine ýetirýän Patrik Şanahandan sorady.

Tramp Birleşen Ştatlaryň salgyt töleýjileriniň ýüküni aňsatlaşdyrmak üçin NATO ýaranlarynyň öz goranyşy üçin has köp maliýe serişdesini tölemelidigini aýdypdy. Şeýle-de, ol eger ýaranlygyň bir agzasyna hüjüm edilse, onda munuň ähli agzalara hüjüm edilen diýlip hasaplanýandygy barada NATO düzgünnamasynyň 5-nji maddasyna ygrarlydygyny köplenç belläp geçmändi.

Parli “ýaranlygyň şertsiz bolmalydygyny. Ýogsam, munuň ýaranlyk bolmaýandygyny” hem aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG