Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mozambikdäki sil joşgunynyň netijesinde 1000-den gowrak adamyň ölen bolmagyndan alada edilýär


Mozambikde sil joşgunynyň yzýany, dikuçardan düşürilen surat
Mozambikde sil joşgunynyň yzýany, dikuçardan düşürilen surat

Mozambikdäki suw joşgunynda 1000-den gowrak adamyň ölen bolmagyndan alada edilýär. Afrikanyň bu garyp ýurduna mundan dört gün ozal apy-tupan gelipdi we munuň yzýany, sil joşguny emele geldi.

“Bu ägirt uly möçberdäki hakyky betbagtçylyk” diýip, prezident Filip Nýusi 18-nji martda aýtdy.

14-nji martda Idaý apy-tupanyndan iň köp Beýra şäheri ejir çekdi. Şonda ýel we duýdansyz gelen sil Hindi okeanynyň kenarynda ýerleşýän 530 müň ilatly port şäherindäki ýaşaýyş jaýlaryny we ýollary goparyp alyp gitdi.

Döwlet radiosynda çykyş eden Mozambikiň prezidenti ölenleriň resmi sanynyň 84-e barabardygyny aýdyp, ýöne “biziň 1000-den gowrak adamyň ölendigini hasaba almagymyz mümkin” diýdi.

Bu apy-tupan harasaty Afrikanyň käbir beýleki ýurtlaryna hem täsir ýetirdi.

Mozambikiň goňşusy Zimbabwede azyndan 98 adam öldi we başga-da azyndan 217 sanysy ýitirim bolmagynda galýar diýip, ýurduň Informasiýa ministrligi aýtdy.

XS
SM
MD
LG