Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew duýdansyz wezipesinden çekilýändigini yglan etdi

Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew
Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew

Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew Merkezi Aziýa ýurdy – Gazagystany – 30 ýyla golaý wagt dolandyrandan soňra, özüniň wezipeden çekilýändigini aýtdy.

“Men prezident wezipämi soňdyrmak kararyna geldim” diýip, 19-njy martda Nazarbaýew telewideniýede eden çykyşynda belledi.

Ol bu baradaky kararyny, onuň edarasy möhüm Nazarbaýewiň möhüm bildiriş etjekdigini aýtmagyndan soň mälim etdi.

Nazarbaýew gazak parlamentiniň ýokary palatasynyň spikeri Kasym-Žomart Tokaýewiň häzirki wagt prezident wezipesini öz üstüne aljakdygyny aýtdy.

78 ýaşyndaky Nazarbaýewiň başga wezipä eýe boljakdygy häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar.

XS
SM
MD
LG