Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew duýdansyz wezipeden çekilýändigini yglan etdi


Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew

Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew Merkezi Aziýa ýurdy – Gazagystany – 30 ýyla golaý wagt dolandyrandan soňra, özüniň wezipeden çekilýändigini yglan etdi.

“Men prezident wezipämi soňlamak kararyna geldim” diýip, 19-njy martda Nazarbaýew telewideniýede eden çykyşynda aýtdy.

"Halk maňa garaşsyz Gazagystanyň ilkinji prezidenti bolmak mümkinçiligini berdi" diýip, gazak prezidenti belledi.

Ol bu baradaky kararyny, onuň edarasy Nazarbaýewiň möhüm bildiriş etjekdigini aýtmagyndan soň mälim etdi.

Gazagystanda nobatdaky prezident saýlawlary 2020-nji ýylda geçirilmelidi.

Nazarbaýew gazak parlamentiniň ýokary palatasynyň spikeri Kasym-Žomart Tokaýewiň häzirki wagt prezident wezipesini öz üstüne aljakdygyny belledi.

Nazarbaýew häkimiýetdäki “Nur Otan” partiýasynyň ýolbaşçysy we prezidentiň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy wezipesinde galjakdygyny aýtdy. Bu wezipeler oňa uly ygtyýarlygy özünde saklamaga mümkinçilik döredip biler.

2018-nji ýylyň iýulynda Howpsuzlyk Geňeşiniň statusy maslahat berijiden konstitusion görnüşe üýtgedilip, onuň ygtyýarlyklary artdyryldy we Nazarbaýew onuň ömürlik başlygy boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG