Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkiýäniň günorta-günbatarynda 5.7 magnitudaly ýer titreme boldy


Türkiýäniň kartasy

ABŞ-nyň Geologiýa barlaglary boýunça guramasy (USGS) Türkiýäniň günorta-günbatar böleginde 5.7 magnitudaly ýer yranmasynyň bolandygyny habar berdi. Ýer yranmasynyň merkezi Ajipaýam atly ýerde Denizli şäherinden 56 kilometr daşlykda bolupdyr.

Türkiýäniň Kandilli obserwatoriýasy sarsgynyň 5.6 magnituda barabar bolandygyny aýtdy, ýurduň adatdan daşary ministrligi yzýany ýene iki sarsgynyň bolandygyny habar berdi.

Açipaýamyň häkimi Hulusi Sewkan ýer titreme zerarly üç adamyň ýaralanandygyny we birnäçe binanyň ýumrulandygyny aýtdy.

Ýewropanyň ýer yranmalara syn edýän gullugy Türkiýedäki ýer yranmasynyň 6.4 magnitudaly bolandygyny habar berdi.

Türkide seýsmiki taýdan aktiw zonada ýerleşýär. 1999-njy ýylda ýurduň demirgazyk-günbatar böleginde bolan 7.4 magnitudaly ýer yranma 17 000 adamyň ölümine sebäp bolupdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG