Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýewiň gyzy parlamentiň ýokarky öýüniň ýolbaşçylygyna saýlandy


Dariga Nazarbayeva

Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň uly gyzy Dariga Nazarbaewa parlamentiň ýokarky öýüniň Senatyň spikeri wezipesine saýlandy.

Munuň öňüsyrasynda 20-nji martda irden Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň prezidentiniň wezipesini ýerine ýetirijisi hökmünde kasam getirdi. 65 ýaşly Tokaýew Moskwada bilim alyp, ol Gazagystanyň premýer-ministri, daşary işler ministri wezipelerinde işläpdi.

Gazagystany 30 ýyla golaý wagt dolandyran Nursultan Nazarbaýew özüniň wezipeden çekilýändigini 19-nji martda yglan etdi. Şol bir wagtda, 78 ýaşly Nazarbaýewiň ýurtdaky täsirini saklap galjakdygy aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG