Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen prezidenti agaç ekişligi, Nowruzy ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy


Nowruz baýramy (arhiw suraty)

Türkmenistanda agaç ekmek boýunça ýowara we Nowruz baýramyna taýýarlyk görülýär.

Türkmen hökümeti bu taýýarlyklara 19-njy martda geçiren maslahatynda wajyp meseleleriň arasynda seretdi.

Resmi maglumatlara görä, döwlet baştutany 21-nji martda geçiriljek ýowaryň ýokary derejede üpjün edilmegini tabşyrypdyr. Türkmenistanyň häkimiýetleri ýylda 3 million düýp nahal ekilýändigini aýdýarlar. Häkimiýetleriň guramaçylygynda geçirilýän bu çärelere döwlet işgärleri, okuw jaýlarynyň okuwçylary köpçülikleýin çekilýär.

22-nji martda Türkmenistanda Nowruz baýramy bellener. Baýramçylyk çäreleriniň adatça geçirilýän ýeri paýtagtyň golaýyndaky Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda birnäçe gün bäri müňlerçe çäreçileriň gatnaşmagynda maşklar geçirilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG