Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Yragyň Eýranyň elektrik energiýasyny satyn almagyna mümkinçilik berdi


illýustrasiýa suraty
illýustrasiýa suraty

ABŞ Tähran babatyndaky sanksiýalaryna garamazdan, Yraga Eýranyň elektrik energiýasyny satyn almaga rugsat berýän ýeňilliginiň möhletini uzaltdy.

2017-nji ýylyň dekabr aýynda çykarylan bu ýeňilligiň möhleti 19-njy martda doldy.

Döwlet departamenti üç aýlyk möhletli bu ikinji ýeňilligini Yragyň durnuksyzlanmagynyň öňüni almak maksady bilen girizdi. Eýranyň gazynyň we elektrik energiýasynyň satyn alynmagyna degişli bu dokumentiň Yragyň käbir ýerlerinde hökümete garşy protestlere sebäp bolan energiýa ýetmezçiligi meselesini çözmäge ýardam bermegine garaşylýar.

Waşingtondan maliýe we harby ýardam alýan Yrak özüniň ABŞ we Eýran bilen gatnaşyklaryny deňagramlaşdyrmaga synanyşýar.

Şeýle-de, Döwlet departamenti Waşingtonyň Yragyň Eýranyň gazyna we elektrik energiýasyna garaşlylygyny gowşatmak boýunça işini dowam etdirjekdigini mälim etdi.

ABŞ Eýrana garşy öz sanksiýalaryny 2015-nji ýylda Tähranyň ýadro programmasyny çäklendirmek barada baglaşylan halkara ylalaşygyndan çykmagyny yglan etmeginiň yzýany dikeltdi.

XS
SM
MD
LG