“Human Rights Watch” we adam hukuklaryna gözegçilik edýän başga-da sekiz gurama täjik hökümetine ýüzlenip, tussaglykda gynamalara sezewar edilýändigi aýdylýan ýarawsyz syýasy aktiwisti dessine azatlyga goýbermäge çagyrdylar.
Muhammadali Haýidiň aýaly 9-njy martda tussaglykdaky adamsyny görmäge baranda, Haýit “kellesindäki we garnyndaky ýaralary” görkezipdir. Maglumata görä, Haýit “kameranyň öňünde daşary ýurtdaky täjik oppozisiýa wekillerini garalamakdan ýüz öwüreninden soň, türme sakçylary ony ýenjip jezalandyrypdyrlar”.
Sawrinisso Jurabekowanyň hukuk toparlaryna beren maglumatyna görä, türmede onuň adamsyna degişli medisina kömegi berilmeýär. Juranbekowa ýan-ýoldaşynyň dowamly urgular sebäpli türmede ölmeginiň mümkindigini hem sözüne goşdy.
62 ýaşly Haýit 2015-nji ýylyň sentýabrynda tussag edilip, 2016-njy ýylyň iýunynda ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi. Hukuk toparlary oňa bildirilen aýyplamalaryň syýasy matlaplara esaslanandygyny aýdýarlar.
Haýit gadagan edilen “Täjigistanyň Yslam Galkynyş Partiýasynyň” başlygynyň orunbasarydy. Partiýa 2015-nji ýylda terroristik topar diýlip ykrar edildi. Mundan öň, täsirli partiýanyň täjik hökümetinde we parlamentinde wekilleri hem bolupdy.
Şondan bäri, partiýanyň agzalarynyň we tarapdarlarynyň onlarçasy yzarlandy we tussag edildi.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!