Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanly okuwçy mugallymyny öldürmekde aýyplanýar


Pakistanly talyplar Halkara aýal-gyzlar gününi belleýärler.
Pakistanly talyplar Halkara aýal-gyzlar gününi belleýärler.

Pakistanly okuwçy bir mugallymyň hem oglanlaryň, hem-de gyzlaryň gatnaşmagyndaky dabaraly çäräni gurnamakçy bolandygy üçin, ony pyçaklap öldürdi.

Hateeb Hussain atly okuwçy hadysanyň ýüze çykan ýerinde beýleki okuwçylar tarapyndan ele salyndy.

Polisiýa Hussaine adam öldürmek aýyplamasynyň bildiriljekdigini mälim etdi.

Pakistanyň gündogaryndaky Bahawalpur şäheriniň kollejleriniň birinde iňlis dili mugallymy bolup işlän Halid Hameediň öz okuwçylary üçin gutardyş dabarasyny gurnan pursady, Hussain gelip, hanjar bilen ony pyçaklap başlaýar.

“Onuň dini toparlar bilen nähilidir bir gatnaşygynyň bolandygyna meňzemeýär. Biz onda-da onuň geçmişini we hüjümiň mümkin sebäplerini seljerýäris” diýip, ýerli polisiýa resmisi maglumat berdi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, Hussain “oglanlar bilen gyzlaryň bir ýerde jemlenmeginiň yslamyň kadalaryna garşy gelýändigini, şeýle-de bu barada öz mugallymyna duýduryş berendigini” aýdypdyr.

Hameed mugallym ýerli keselhanalaryň birinde aradan çykdy.

XS
SM
MD
LG