Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň sudy 20 ýaşly ukrainalyny 'terrorçylyk' bilen baglylykda alty ýyl türmä höküm etdi


Pawlo Hryb
Pawlo Hryb

Orsýetiň sudy Ukrainanyň 20 ýaşly raýaty Pawlo Hryby "terrorizmi mahabatlandyrmak" aýyplamasynyň esasynda alty ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Hryb bu aýyplamalary ret edýär.

Demirgazyk Kawkazyň Rostow-na-Donu şäheriniň sudynyň çykaran kararyny 21-nji martda yglan eden pursadynda Hryb özüniň bigünädigini aýdyp, açlyk yglan etdi.

Hryb 2017-nji ýylyň awgust aýynda onlaýn tanyşan aýal bilen duşuşmak üçin Belarusa barandan soň ýitirim bolupdy.

Onuň garyndaşlary ýigidiň Orsýetiň Federal Howpsuzlyk gullugynyň guran hilesine duçar bolandygyny hasap edýärler. Hryb soňra Orsýetiň tussaghanasynda saklanyp, terrorizme ündemekde aýyplandy.

Orsýetiň derňewçileri ukrainaly Pawlo Hrybyň internetden peýdalanyp, Orsýetiň Soçi şäherinde ýetginjek gyza partladyjy maddany ulanyp terrorçylykly akty amala aşyrmak boýunça instruksiýa berendigini aýdýarlar.

Ýigidiň kakasy Igor Hryb ogluna garşy Orsýetde öňe sürülýän aýyplamalaryň onuň Orsýetiň Ukraina goşulmagyny açlyk tankyt edip çap eden maglumatlary bilen bagly bolandygyny aýdýar.

Orsýetiň 2014-nji ýylda Krym ýarym adasyny Ukrainadan bölüp öz düzümine goşmagyny dünýäniň azyndan 100 ýurdy bikanun hasaplaýar. Moskwa tarapyndan goldanýan separatistleriň Ukrainanyň gündogarynda alyp barylýan uruşunyň netijesinde 13 müň çemesi adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG