Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda ABŞ-nyň iki harbysy wepat boldy


Owganystanyň kartasy
Owganystanyň kartasy

NATO-nyň Owganystandaky missiýasy ABŞ-nyň iki harbysynyň amala aşyrylan operasiýalaryň dowamynda wepat bolandygyny habar berdi.

22-nji martda edilen beýanatda "Aýgytly ýardam" missiýasy tarapyndan ýagdaýyň jikme-jikleri barada habar berilmedi, wepat bolanlary atlary hem agzalmady.

"Talybanyň" ABŞ bilen geçirýän gepleşiklerine garamazdan, Owganystanda zorluklar dowam edýär. Şu aýyň başynda geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny taraplaryň ikisi-de mälim edipdi, emma hiç hili ylalaşyga gol çekilmändi. NATO-nyň Owganystandaky missiýasy 17 müň harbydan ybarat, olaryň ýarysy Birleşen Ştatlardan.

XS
SM
MD
LG