Türkiýe, Eýran we Siriýa ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ysraýylyň Golan depelere gözegçiliginiň Waşington tarapyndan ykrar edilmelidigi barada eden çykyşyny ýazgardylar.
Orsýet Trampyň bu beýanatynyň "diňe bir çagyryş" bolmagynda galjagyna umyt bildirdi.
Tramp ABŞ-nyň Siriýa tarapyndan 1967-nji ýylda basylyp alnan dawaly Golan depelerine Ysraýylyň gözegçiligini "doly" goldamagyna wagtyň geljegini aýtdy.
Golan depeleri "Depeleriň Ysraýyl döwleti we regionyň durnuklylygy üçin iňňän uly strategik we howpsuzlyk ähmiýeti bar" diýip, Tramp 21-nji martda Twitterde ýazdy.
22-nji martda Türkiýäniň prezidenti Taýyp Erdogan Trampyň hereketiniň regiony täze bir krizisiň gyrasyna alyp barýandygyny aýtdy.
Siriýanyň Daşary işler ministrligi SANA döwlet habar agentligi tarapyndan çap edilen beýanatynda Damask "Okupirlenen Siriýanyň Golan depeleri barada [Trampyň] eden jogapkärçiliksiz çykyşyny iň berk sözler bilen ýazgarýar" diýip aýdyldy.
Siriýanyň we Ysraýylyň arasynda hiç wagtda parahatçylyk ylalaşygy baglaşylmandy.
Siriýanyň prezidenti Başar Al-Assadyň esasy harby ýaranlarynyň biri Eýran Trampyň çykyşyny howply diýip atlandyrdy.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!