Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müňlerçe alžirli prezidentiň häkimiýetine garşy protest geçirýärler


22-nji martda protestçiler, ýagyşly howa hem garamazdan, paýtagt Alžiriň esasy meýdançalarynda toplanyp, Bouteflika we tutuş hökümete garşy şygarlary gygyrdylar.
22-nji martda protestçiler, ýagyşly howa hem garamazdan, paýtagt Alžiriň esasy meýdançalarynda toplanyp, Bouteflika we tutuş hökümete garşy şygarlary gygyrdylar.

Müňlerçe alžirli demonstrant paýtagt Alžirde 82 ýaşly prezident Abdelaziz Bouteflikanyň häkimiýetiniň tamamlanmagyny talap edip, protest geçirýärler.

22-nji martda protestçiler, ýagyşly howa hem garamazdan, paýtagt Alžiriň esasy meýdançalarynda toplanyp, Bouteflika we tutuş hökümete garşy şygarlary gygyrdylar.

Protestler 22-nji fewralda başlanyp, olar her anna güni geçirilýär.

Daşary ýurtly diplomatlaryň maglumatyna görä, “millionlarça” alžirli Bouteflikanyň 20 ýyllyk häkimiýetini uzaltmak planlaryna garşy ýöriş geçiripdir.

Bouteflika 1999-njy ýyldan bäri Alžire prezidentlik edýär. Geçen hepde ol aprelde geçirilmeli umumy saýlawlary näbelli wagta çenli yza süýşüripdi.

Bouteflikanyň tankytçylary bu hereket bilen onuň häkimiýet başynda ömürlik galmak isleýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG