Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Tährana garşy täze sanksiýalary girizdi


Ýanwarda Eýranyň satellit uçarmak synanyşygy şowsuz geçdi.
Ýanwarda Eýranyň satellit uçarmak synanyşygy şowsuz geçdi.

ABŞ Eýranyň ýadro we raketa programmalary bilen ilteşiklidigini aýdýan eýranly alymlaryň, hünärmenleriň we kompaniýalaryň 31-ne garşy täze sanksiýalary girizdi.

ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň ýaýradan beýanatyna görä, Eýranyň Goranmak boýunça Innowasiýa we Barlag merkezi bilen ilteşikli 14 şahsyýete we 17 gurama garşy gadagançylyklar girizilipdir.

Maglumata görä, SPND hem diýlip bilinýän bu merkez Eýranyň ozalky ýadro ýarag programmasynyň başlygy Mohsen Fakhrizadeh tarapyndan esaslandyrylypdyr.

Prezident Donald Trampyň administrasiýasy “regionyň durnuklylygyna howp abandyrýan we eýranlylara zeper ýetirýän Eýranyň režimini jogaba çekmegini dowam etdirýär. Bu Eýranyň hiç haçan ýadro ýaragyny edinmejekdigi kepillendirmegi hem öz içine alýar” diýip, beýanatda bellenilýär.

XS
SM
MD
LG