Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew Türkmenistany terk etdi


Saparmämmet Nepesgulyýew geçen ýylyň 19-njy maýynda üç ýyl türme möhletini tamamlap, azatlyga çykypdy.
Saparmämmet Nepesgulyýew geçen ýylyň 19-njy maýynda üç ýyl türme möhletini tamamlap, azatlyga çykypdy.

Azatlyk Radiosynyň we “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” (TAH) neşiriniň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew 23-nji martda Türkmenistany terk etdi.

Azatlyk Radiosy we TAH neşiri bilen hyzmatdaşlyk eden S.Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň tomsunda, hamala ýanyndan ýurtda gadagan edilen neşeli derman çykandygy üçin saklanyp, soňra ýapyk sudda 3 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Ol geçen ýylyň 19-njy maýynda üç ýyl türme möhletini tamamlap, azatlyga çykypdy.

Hukuk goraýjylar we BMG-niň paneli žurnalistiň syýasy sebäpler esasynda tussag edilendigini aýdyp, Nepesgulyýewiň türmede saklanmagyny ýazgaryp çykyş etdiler.

Ol tussaglykdan öň Balkan welaýatyndaky sosial meseleler, ilatyň durmuş şertleri hakynda maglumat taýýarlaýardy.

ABŞ-nyň ýedi kanun çykaryjysy 2016-njy ýylyň iýulynda türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Nepesgulyýewiň tussaglygynyň "bikanundygyny aýdyp, ony haýal etmezden azat etmäge çagyryp, hat ýazdy.

Halkara hukuk toparlarynyň, şol sanda BMG-niň eden-etdilikli tussag edilmeler boýunça Işçi toparynyň çagyryşlaryna garamazdan, türkmen hökümeti ony ýapyk sudda berlen türme tussaglygynyň möhletini doldurýança azatlyga goýbermedi.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň eden-etdilikli tussag edilmelere garşy Işçi topary S.Neesgulyýewiň bikanun tussag edilendigi barada netijä geldi we onuň derhal azatlyga çykarylmagyna çagyrdy.

Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” şäherinde ýitirim boldy.

Ol 2015-nji ýylyň 31-nji awgustynda ýapyk görnüşde geçirilen sud diňlenişiginden öň doly izolirlenen görnüşde saklandy. Türkmen sudy ony bikanun neşe serişdeleriniň gaçakçylygynda günäli tapdy. Emma halkara hukuk toparlary Nepesgulyýewe ýöňkelen günäleriň onuň žurnalistiki işi üçin ar almak maksady bilen “toslanyp düzülendigini” aýtdylar.

Türkmenistan hukuk toparlarynyň metbugat azatlygy baradaky halkara hasabatlarynda hemişe yzdaky orunlarda getirilýär we türkmen häkimiýetleri garaşsyz žurnalistleri ýanamakda tankyt edilýär.

XS
SM
MD
LG