ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Siriýadaky “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň soňky sebitleriniň yzyna alynmagyny gutlady. Şol bir wagtda, ol ekstremistik toparyň “hereket edýän ähli ýerlerinde dolulygyna ýok edilmeýänça”, ABŞ-nyň hüşgärligi elden bermejekdigini aýtdy.
“Radikal yslamçy terroristler dolulygyna ýok edilmeýänça, biz öz hyzmatdaşlarymyz we ýaranlarymyz bilen işleşmegi dowam etdireris” diýip, Tramp 23-nji martda beýanat bilen çykyş etdi.
23-nji martda ABŞ tarapyndan goldanylýan Siriýanyň Demokratik Güýçleri “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň gözegçilgindäki Siriýanyň Baghouz obasynyň azat edilendigini mälim etdiler.