Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň baş prokurorynyň Muelleriň hasabatyny 24-nji martda Kongrese hödürlemegine garaşylýar


ABŞ-nyň baş prokurory William Barr

ABŞ-nyň baş prokurory William Barr Russiýanyň Birleşen Ştatlaryň 2016-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna gatyşandygy boýunça derňewi alyp baran ýörite geňeşçi Robert Muelleriň derňewiniň mazmunyny 24-nji martda Kongrese hödürlär diýip, ABŞ-nyň habar serişdeleri maglumat berýärler.

22-nji martda Mueller 22 aýa çeken derňewiň netijeleri boýunça hasabatyny Barra hödürläpdi. Barr hem öz gezeginde, hasabat boýunça özüniň prinsipial netijesini “şu hepde soňy” hem Kongrese aýan edip biljekdigini aýdypdy.

Hasabatyň anyk haýsy bölümleriniň ilat köpçüligine ýetiriljekdigini Barr, Adalat Departamenti, Kongress we Ak Tam çözer.

Iki partiýanyň wekilleri-de hasabatyň doly görnüşiniň aýan edilmelidigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG