Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýokary derejeli rus resmisi Muelleriň hasabatynyň netijelerini gowy garşy aldy


Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň halkara meseleler boýunça komitetiniň başlygy Konstantin Kosaçýow
Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň halkara meseleler boýunça komitetiniň başlygy Konstantin Kosaçýow

Russiýanyň parlamentiniň ýokary öýüniň ýokary derejeli agzasy ýörite geňeşçi Robert Muelleriň 2016-nji ýylda Birleşen Ştatlarda geçirilen prezident saýlawlarynda Moskwanyň roly barada çykaran raportynyň netijelerini gowy garşy alyp, munuň iki ýurduň gatnaşyklaryny gowulandyrmaga mümkinçilik döredýändigini aýtdy.

Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň halkara meseleler boýunça komitetiniň başlygy Konstantin Kosaçýow özüniň 25-nji martda Facebook sosial ulgamynda çap eden maglumatynda, Muelleriň derňewleri bilen bir wagtda “iki ýyl dyngysyz ýalanlaryň” tekrarlanandygyny hem belledi.

Muelleriň hasabatynyň jemleýji bölüminde baş prokuror William Barr derňewler Trampyň ýaranlarynyň ruslar bilen gizlin ylalaşandygyny tassyklamaýar diýýär. Kosaçýow “Russiýada biz muny başyndan bäri bilýärdik” diýdi.

24-nji martda Birleşen Ştatlaryň Kongresine hödürlenen hatda Barr derňew Trampyň kampaniýasynyň “agzalarynyň rus hökümetiniň saýlawlara goşulyşmak işlerinde olar bilen dildüwşük ýa-da ylalaşyk edendigini tassyklamaýar” diýýär.

XS
SM
MD
LG