Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Howa zarbasynda aglabasy çagalardan ybarat 13 sany parahat ýaşaýjy öldi


Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystandaky Ýardam beriş missiýasynyň (UNAMA) başlygy Riçard Bennett

Geçen hepde Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz şäheriniň golaýyna “halkara güýçleri” tarapyndan amala aşyrylan howa zarbalarynda aglabasy çagalardan ybarat 13 sany parahat ýaşaýjy öldi diýlip, Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystandaky Ýardam beriş missiýasynyň (UNAMA) deslapky barlag netijelerinde aýdylýar.

“Missiýa deslapky hakykatlar öldürilenleriň 10 sanysynyň çagadygy, olaryň bir maşgalanyň agzasydygy barada çynlakaý aladalaryny beýan edýär. Olar ýurtdaky uruş zerarly başga ýere göçmäge mejbur edilen maşgalady” diýlip, BMG-niň Owganystandaky Ýardam beriş missiýasynyň 25-nji martda çap eden beýanatynda bellenilýär.

Beýanatda aýdylmagyna görä, martyň 22-den 23-ne geçilen gije Gunduz şäheriniň golaýyndaky Telawka mähellesinde amala aşyrylan hüjümde parahat ilatdan has köp ýaşaýjy ýaradar bolan ýaly bolup görünýär. Bu waka “sebitde hökümete tarapdar güýçler Talybana garşy operasiýalary geçirýän mahaly” boldy.

24-nji martda NATO-nyň Owganystandaky goldaw missiýasynyň metbugat wekili bu sebitde ABŞ-nyň harby güýçleriniň howa zarbasyny amala aşyrandygyny mälim etdi.

Seržant Debra Riçardson missiýanyň parahat ilatdan adam ýitgileriniň öňüni almaga synanyşýandygyny, ýöne “Talyban” söweşijileriniň bilgeşleýin parahat ýaşaýjylaryň arasynda bukulýandygyny belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG