Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stoltenberg: Gürjüstan NATO birleşigine goşular, Russiýa bu barada hiç zat edip bilmez


NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg we Gürji premýer-ministri Mamuka Bakhtadze
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg we Gürji premýer-ministri Mamuka Bakhtadze

Gürjüstana eden saparynyň dowamynda NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Kremliň berk garşylyk görkezýändigine garamazdan, Günorta Kawkaz ýurdunyň soňunda Günbatar harby ýaranlygyna goşuljakdygyny tekrarlady.

Stoltenberg gürji resmileri bilen duşuşyklary geçirmek we NATO bilen Gürjüstanyň bilelikde geçirýän harby tälim-türgenleşiklerine gatnaşmak üçin 25-nji martda Tbilisä bardy.

Gürji premýer-ministri Mamuka Bakhtadze bilen geçiren duşuşygynyň çäginde Stoltenberg NATO birleşigine agza 29 döwletiň “Gürjüstanyň NATO-nyň agzasy boljakdygyny anyk belländigini” aýtdy.

“Biz Gürjüstany NATO agza bolmaga taýýarlamak üçin bilelikde işlemegimizi dowam etdireris” diýip, Stoltenberg hiç bir ýurduň NATO-nyň açyk-gapy syýasatyna täsir ýetirmäge hukugynyň ýokdugyny hem belledi.

Bakhadze ýurduň “NATO agzalygynyň gürji halkynyň islegidini” nygtady.

XS
SM
MD
LG