Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Krym ýarymadasynda krym tatarlarynyň birnäçesiniň tussag edilendigi aýdylýar


Krymyň polisiýasy. Arhiwden alnan surat

Ukrainanyň okkupirlenen Krym regionynda Russiýa tarapyndan bellenilen häkimiýetler azyndan 25 jaýda gözleg işlerini geçirenden soňra, birnäçe krym tataryny tussag etdi diýip, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän ukrain topary aýdýar.

Krymda we ukrain hökümetiniň kontrollygyndaky territoriýalarda agzasy bolan “Krym raýdaşlygy” toparynyň aýtmagyna görä, gözleg işleri 27-nji martda regionyň paýtagty Simferopolda we onuň golaýyndaky etraplarda amala aşyryldy.

Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugy, ýagny FSB beýanat ýaýradyp, öz ofiserleriniň, polisiýanyň we Milli Gwardiýa güýçleriniň gadagan edilen “Hizb ut Tahrir” yslamçy toparyň agzasy bolmakda güman edilýän adamlaryň öýünde gözleg işlerini geçirendigini aýtdy.

2014-nji ýylda ukrain ýarymadasy anneksiýa edileni bäri Russiýa tarapyndan bellenilen häkimiýetler “Hizb ut Tahrir” toparyna degişlidigini öňe sürüp, 31 sany krym tataryny yzarladylar.

Fewral aýynda Russiýanyň Gara deňiz sebitindäki Federal Howpsuzlyk Gullugy Krymda häkimiýeti ele geçirmek üçin dildüwşük etmekde aýyplap, agzalýan toparyň sekiz sany agzasysy diýilýän adamlara garşy derňewleri başlatdy.

“Hizb ut Tahrir” Londonda ýerleşýän global gurama bolup, ol ähli musulman ýurtlary bir yslam halyfatyna birleşdirmäge dyrjaşýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG