Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýran bilen ilteşikli ‘galp kompaniýalaryň ulgamyna’ täze sanksiýalary girizdi


Eýranyň Yslam Rewolýusion gwardiýasynyň kontrollygyndaky “Ansar Banky". Arhiwden alnan surat

ABŞ-nyň Maliýe departamenti Birleşen Ştatlaryň Eýrana garşy sanksiýalaryny bozup, Eýranyň Daşary işler ministrligine we Eýranyň Yslam Rewolýusion gwardiýasyna 1 milliard amerikan dollaryndan köp pul serişdesini geçiren, aýdylmagyna görä, “giň gerimli galp kompaniýalaryň ulgamyny” ýok edendigini habar berýär.

26-njy martda ýaýradylan beýanatda ABŞ-nyň Maliýe departamenti bu ulgamyň bir bölegi diýip, 22 sany fiziki we ýuridiki, şol sanda düýbi Eýranda, Birleşen Arap Emirliklerinde we Türkiýede ýerleşýän “galp kompaniýalara” garşy täze sanksiýalary yglan etdi.

Beýanatda Eýran bilen ilteşikli ulgamyň banklardan we beýleki maliýe edaralaryndan, şol sanda Eýranyň Yslam Rewolýusion gwardiýasynyň kontrollygyndaky “Ansar Bankdan” we onuň eýeçiligindäki ýa-da kontrollygyndaky eýran firmalaryndan düzülendigi aýdylýar.

Şeýle-de, olaryň arasynda “Ansar Exchange”, “Atlas Company”, “Atlas Exchange”, “Ansar Bank Brokerage Company” we “Ansar Information Technology” dagy bar.

Şeýle-de, beýanatda “Zagros Pardis Kish” firmasy hem agzalyp, ABŞ-nyň Maliýe departamentiniň maglumatyna görä, bu kompaniýa Eýranyň Goranmak ministrliginiň ýüzlerçe ulagy edinmegine gatnaşypdyr. Bu ulaglar Birleşen Arap Emirliklerinden Eýrana iberilipdir.

XS
SM
MD
LG