Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berekede gelen sil TSTB-niň agzasy bolan gurluşyk firmalarynyň sepini açýar


Eýranyň mediasy ýurda gelen siliň ýetiren zyýanlaryny görkezýär, türkmen mediasy dymýar.
Eýranyň mediasy ýurda gelen siliň ýetiren zyýanlaryny görkezýär, türkmen mediasy dymýar.

19-njy martda gelen sil suwlary Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan gurlyşyk kompaniýalarynyň Bereketde (ozalky Gazanjyk) 9-10 ýyl ozal guran jaýlarynyň sepini açdy, olaryň bir toparynyň binýady çöküp, diwarlaryna uly jaýryklar düşdi diýip, Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habrçysy habar berýär.

Türkmen mediasy, adatça bolşy ýaly, tebigy hadysa hakynda hiç bir maglumat bermedi.

Gürrüň Bereket şäheriniň demirgazyk tarapynda, Aşgabat-Türkmenbaşy ýolunyň günorta gyrasynda gurlan 10-njy etrapça barada barýar.

Bu ýerde Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolup durýan ýerli gurluşyk firmalarynyň döwlet puluna guran jaýlarynyň arasynda etrap häkimliginiň edara jaýy, etrabyň merkezi keselhanasy, “Ene mähri” atly çaga dogrulýan öý, Medeniýet öýi, iki gat myhmanhana ýaly binalar bar, olaryň içinde 18-nji martda ýagan ýagyşdan soň gelen silden iň agyr zyýan çekeni merkezi keselhananyň jaýy boldy” diýip, habarçymyz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, merkezi keselhananyň fundamenti çöküp, onuň diwarlarynda azyndan ýigrimi ýerde uly jaýryk emele geldi. “Ene mähri” atly çaga dogrulýan öb hem uly zyýan çekdi, bu ýerde gurlan jaýlardan 20-nji orta mekdebiň, 6-njy çagalar bagynyň binalaryna hem zyýan ýetdi diýip, ýerli ýaşaýjylar gürrüň berdi.

Bulardan başga, iki gatly myhmananyň hem binýadynyň çöken ýerleri bar, emma onuň diwarlaryna düşen jaýryklar beýleki jaýlardaky ýaly göze dürtülip durmaýar diýip, Azatlyga gowşan maglumatda aýdylýar.

Edara jaýlaryndan başda, bu ýerde 500 çemesi hojalyga mellek ýeri bölünip berlip, 400-e golaý hojalyk jaý salnypdy, edil häzir bu jaýlaryň hem ýigrimiden gowragyna düýpli zyýan ýetendigi belli boldy, olaryň käbiriniň binýady çökse, beýlekileriniň diwarlary ýykyldy diýip, habarçymyz aýdýar.

Aýdylmagyna görä, sil gelen gününden bäri bir hepde geçen hem bolsa, heniz sil suwunyň getiren läbiklerini aýyrmak, ýeten zyýany seljermek, näçe jaýa we näderejede zyýan ýetendigini anyklamak boýunça hiç bir iş edilmeýär.

"Etrap merkezine gelen hökümet komissiýasynyň wekilleri “bizde munça ýeriň läbigini arassalamaga tehnika ýok, wagty geler, suw ýere siňer, läbik-palçyklar gurar, şondan soň bararsyňyz” diýdi" diýip, ýerli ýaşaýjylar Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdiler.

Häzir Berekediň demirgazyk böleginde, 10-njy mikroraýon diýilýän ýerde janly-jandar ýaşanok, ýerli ýaşaýjylar jaýlara ýeten zyýanyň häzirki görnüşinden iki esse uly bolup çykjagyna şübhelenmeýärler diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de ýaşaýjylar Bereketde sekiz ýyl çemesi öň ulanmaga berlen jaýlaryňköpüsiniň gyssanmaç, “menden-saňa barýança” diýen ýaly gurlandygyny, olaryň gurluşyk materiallarynyň ogrynça ilata satylandygyny gürrüň berýärler.

Bu habar Aşgabadyň etegindäki Çoganlyda ýerli gurluşyk firmalarynyň gurjak täze etrabynyň binalarynyň taslamalaryna seredilýän wagtyna gabat geldi. TDH-nyň maglumatyna görä, Çoganlyda, Aşgabat-Daşoguz awtoulag ýolunyň iki tarapyndan ýaýbaňlanjak şäherçäniň meýdany 620 ýa-da 663 gektara deň bolup, ol ýerde15-35 gat aralygyndaky ýaşaýyş jaýlarynyň 130-dan 177-ä çenlisini gurmak planlaşdyrylýar.

Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen ýerli inženerleriň biri Çoganlyda, ýakyndan geçýän kanal zerarly,ýerasty suwuň derejesiniň ýokarydygyny, üstesine Aşgabadyň töwereginiň ýokary seýsmiki aktiwlik derejesini hem ýatdan çykarmaly däldigini belläp, ýerli gurluşyk firmalaryna bu hili taslamalaryň ynanylmagyny sorag astyna aldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG