Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda ýykylan dikuçarda 13 adam öldi


MI-8 dikuçarlary
MI-8 dikuçarlary

Gazagystanyň harby dikuçary türgenlik uçuşy mahalynda ýykylyp, üstündäki 13 adamyň ölmegine sebäp boldy diýip, Goranmak ministrligi aýtdy.

Ministrlik dikuçaryň 27-nji martda, günorta Gazagystandaky Žalagaş sebitinde, Aral deňziniň gündogarynda ýykylandygyny aýtdy.

Mi-8 dikuçary Hazar deňziniň kenaryndaky Aktaudan Özbegistan bilen serhediň golaýyndaky Şimkente uçan uçarlaryň biridi. Uçar ýykylanda onuň üstündäkilerden diri galanyň bolup-bolmandygy bada-bat belli bolmady diýip, ministrlik aýtdy.

Emma Gazagystanyň geçiş prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew biraz soň twitterde dikuçardaky adamlaryň ählisiniň ölendigini aýtdy. Tokaýew dikuçaryň ýykylmagynyň sebäplerini resmi taýdan derňemegi buýrandygyny hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG