Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo Orsýetiň Ukrainadaky hereketlerine garşy goşmaça çäreleriň yglan edilmegine umyt baglýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo gelýän günlerde Günbatar ýaranlary bilen bilelikde Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasyna garşy durmak üçin goşmaça çäreleri yglan edip boljagyna umyt baglýar.

“Eger biziň NATO-daky kärdeşlerimiz indiki hepde şäherde bolsa, biziň Orsýetiň Krymda, Azow deňzinde we regionda bolmagyna garşy ýene bir çäreler tapgyryny yglan edip bilmegimize umyt baglaýaryn” diýip, Pompeo 27-nji martda Wekiller öýündäki diňlenişik mahalynda aýtdy.

NATO agzalary 4-nji aprelde, Günbatar harby ýaranlygynyň esaslandyrylmagynyň 70 ýyllygyny bellemek üçin, Waşingtonda duşuşmagy planlaşdyrýarlar.

Pompeo bu meselede görlüp bilinmegi mümkin çäreleri anyklaşdyrmakdan saklandy we Moskwanyň Ukrainadaky hereketlerine garşy durmak üçin “biziň entek öz edip biljek zatlarymyzyň ählisini edendigimizi bilmeýärin” diýdi.

Pompeonyň bu sözleri Ukrainada 31-nji martda geçiriljek prezident saýlawlarynyň öň ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG