Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wilniýus sudunyň uruş jenaýatlary höküminden soň Moskwa Litwany prowakasiýada aýyplady


Kreml, Dmitriý Ýazow we Orsýetiň ozalky prezidenti Dmitriý Medwedew, arhiw suraty.
Kreml, Dmitriý Ýazow we Orsýetiň ozalky prezidenti Dmitriý Medwedew, arhiw suraty.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi Litwany, Wilniýus sudunyň ozalky sowet harby ýolbaşçysyny we KGB-niň baýry ofiserini uruş jenaýatlarynda we adamzada garşy jenaýatlarda günäli tapandan soň, “dostluksyz we prowakatiw” hereketlerde aýyplady.

Sowetleriň ozalky goranmak ministri, 94 ýaşyndaky Dmitriý Ýazow 27-nji martda, Moskwanyň 1991-nji ýylda Litwanyň garaşsyzlyk hereketeini basyp ýatyrmakda oýnan roly üçin, gaýybana 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Ozalky KGB ofiseri Mihail Golowatow gaýybana 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

XS
SM
MD
LG