Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşogzuň ilaty ‘gowaça ekişine girişmek’ dabarasyna bir hepdeläp taýýarlandy


Türkmenistanyň "Altyn Asyr" döwlet telekanalyndan alnan surat
Türkmenistanyň "Altyn Asyr" döwlet telekanalyndan alnan surat

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda býujet işgärleri, ýokary okuw jaýlarynyň studentleri, mekdep okuwçylary we ýaşulular ýurduň döwlet telekanallary üçin surata alnan “gowaça ekişine girişmek” dabarasyna taýýarlyk çärelerine bir hepdeläp mejbury gatnaşdyryldy.

Bu waka Türkmenistanyň “Altyn Asyr” telekanaly Daşoguz welaýatynyň daýhanlarynyň gowaça ekişine girişendigi barada wideo reportažlary görkezen mahalyna gabat geldi.

“Şu gün Daşoguzda gowaça ekişine girişdiler. Adatça bolşy ýaly, bu çärä bir hepdeläp taýýarlyk görüldi. Türkmen telewideniýesinde görkeziljek wideo reportažlary taýýarlamak üçin üznüksiz çäreleri geçirdiler. Býujet işgärlerini, ýaşululary we studentleri ençeme günläp, ertirden agşama çenli aýak üstünde saklap gynadylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurduň demirgazyk welaýatyndaky habarçylarynyň biri 27-nji martda gürrüň berdi.

Anonim şertde söhbetdeş bolan habarçy türkmen telekanallaryna wideo reportažlary taýýarlamak üçin diňe bir däl-de, welaýatyň dürli künjeginde ençeme köpçülikleýin çäräniň geçirilendigini hem belleýär.

“Hepdäniň başynda Daşoguz şäherinde režissýorlaryň guramaçylygynda ýörite ýöriş geçirildi. Soňra-da Köneürgenç etrabynda, göýä, gowaça ekişine girişilendigi barada dabara geçirildi. Bularyň ählisi türkmen telekanallarynyň işgärleri tarapyndan tutuş hepde surata düşürildi” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda gowaça ekiş möwsümine dabaraly ýagdaýda girişilip, oba-hojalyk tehniklarynyň, gurallarynyň aýratynlyklary görkezilýär we ýaşulular ak pata berip, topraga ilkinji tohumlary taşlaýarlar. Bu çäre döwlet eýeçiligindäki telekanallarda döwlet durmuşynda möhüm waka hökmünde görkezilýär.

27-nji martda “Altyn Asyr” döwlet telekanaly ýurduň demirgazyk welaýatynda geçirilen bu çäre barada jemi 14 minuda golaý wideo reportažy ilata ýetirdi. Onda ortaça müňden gowrak adamyň, şol sanda çagalaryň, ýaşulularyň, býujet işgärleriniň, studentleriň gatnaşmagynda welaýatyň azyndan 10-a golaý böleginde dürli çäreleriň geçirilendigi görkezildi.

Emma resmi metbugatda bu çäreleri geçirmek üçin näçe adamyň iş, okuw ýa-da dynç alyş wagtynyň sarp edilendigi, olara býujet işgärleriniň, studentleriň we okuwçylaryň mejbury gatnaşdyrylmagy barada hiç zat aýdylmady.

Türkmenistanda döwlet telekanallaryna wideo reportažlary taýýarlamak üçin ýurt raýatlarynyň köpçülikleýin çärelere ençeme günläp, käte hepdeläp gatnaşmaga mejbur edilýändigi barada Azatlyk Radiosy mundan öň hem habar beripdi.

Geçen ýylyň 17-nji sentýabrynda Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy býujet işgärleriniň ýurduň döwlet telekanallary üçin surata alnan “Ak kerwen” dabarasyna taýýarlyk çärelerine bir hepdeläp mejbury gatnaşdyrylandygyny habar beripdi.

“Bu çärelere gatnaşyjylaryň ençemesi, hem-de olary gurnaýjylaryň birnäçesi [bu saparky dabaranyň] Daşogzuň taryhyndaky iň kyn, iň agyr geçen dabara çäresi bolandygyny belleýär” diýip, habarçy aýdypdy.

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda gowaça ekmek üçin 140 müň gektar ýer taýýarlanyldy. Daşoguzly pagtaçy kärendeçiler döwlet harmanyna 230 müň tonna “ak altyn” tabşyrmagy meýilleşdirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG