Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demokratiýa tarapdar görnükli müsürli aktiwist türmeden boşadyldy


Demokratiýa tarapdar görnükli müsürli aktiwist Alaa Abdel-Fattah

Demokratiýa tarapdar görnükli müsürli aktiwist Alaa Abdel-Fattah rugsat berilmedik protesti geçireni üçin bäş ýyl tussaglyk möhletini tamamlandan soňra, türmeden boşadyldy diýip, onuň maşgalasy we aklawçysy aýdýar. Abdel-Fattah 2011-nji ýylda Müsürde geçirilen meşhur gozgalaňda esasy şahslaryň biridi.

“Alaa çykdy” diýip, onuň gyz dogany Mona 28-nji martda paýlaşan tweetinde aýtdy. Şeýle-de, ol 37 ýaşyndaky bloggeriň öýünde iti bilen oýnap duran suratyny paýlaşdy.

Abdel-Fattahyň azatlyga çykandygyny onuň aklawçysy hem tassyklady.

Abdel-Fattah, uzak wagt häkimiýetde bolan awtokrat lider Hosni Mubaragy häkimiýetden agdaran 2011-nji ýyldaky gozgalaňlary mobilizlän demokratiýa tarapdar esasy aktiwistleriň biridir.

Soňky ýyllarda Müsürde 2013-nji ýyldaky kanuny bozmakda aýyplanyp, demokratiýa tarapdar aktiwistleriň onlarçasy tussag edildi. Bu kanun köçe demonstrasiýalaryny berk çäklendirýär.

Müsüriň häkimiýetleri ýurtda gaýtadan durnuklylygy dikeltmek üçin kanunyň öz güýjünde galmagynyň möhümdigini aýdýarlar.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwistler kanunyň başga pikirli adamlara basyş etmegi maksat edinýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG