Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hytaý Gazagystana Sinjiaňda musulmanlary basyp ýatyrmakda beren “goldawy” üçin sag bol aýdýar


Gazagystany[ da\ary i\ler ministri Beibut Atamkulow (C) hytaýly kärdeşi Wang Yi bilen. 28-nji mart, 2019. Pekin.

Hytaý Gazagystana özüniň ýurduň uzak günbataryndaky durnuksyz sebit bolan Sinjiaňda görýän basyp ýatyryş çärelerine berýän goldawy üçin sagbolsun aýtdy.

Pekin bu sebitde ýerli etniki azlyklaryň, şol sanda gazaklaryň hukuklaryny basgylamakda aýyplanylýar. Hytaý soňky döwürde uýgurlary, gazaklary we beýleki musulman toparlaryny Sinjiaňda gurlan tussaghanalarda mejbury saklamakda tankyt edilýär.

BMG paneliniň ekspertleriniň geçen ýyl çap eden hasabatynda 1 million çemesi diýlip hasaplanylýan hytaýly musulmanyň “terrora garşy merkezlerde” zor bilen saklanylýandygy habar berildi.

Şeýle-de olar ýene millionlarça musulmanyň gaýtadan tälim beriş lagerlerinde saklanylýandygyny aýtdylar. Pekin bu desgalaryň “tussaghanalar” bolman, eýsem “hünär beriş merkezlerdigini”, olaryň adamlary terrorçylykdan saplamak we jemgyýete gaýtadan goşmak üçin gurlandygyny aýdyp aýak depdi.

Hytaýyň daşary işler ministri 28-nji martda gazak kärdeşi Beibut Atamkulow bilen Pekinde duşuşdy.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň çap eden beýanatyna görä, Atamkulow öz ýurdunyň, terrorizme, separatizme we ekstremizme garşy durmak üçin, “Hytaýyň Sinjiaň sebitinde görülýän çärelere düşünýändigini we olary goldaýandygyny” aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG