Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Wenezuela hakynda rus, hytaý prezidentleri bilen gürleşjegini aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Wenezuelanyň oppzisiýa liderii Juan Guaidonyň aýaly Fabiana Rosales bilen duşuşyk wagtynda, 27-nji mart, 2019.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp özüniň Wenezueladaky ýagdaý hakynda “belki-de” rus prezidenti Wladimir Putin we hytaý prezidenti Si Jinping bilen gürleşjekdigini aýtdy, Waşington bu meselede Moskwa hem-de Pekine gapma-garşy tarapda durýar.

“Biz haýsam bolsa bir pursatda gürleşeris öýdýärin” diýip, Tramp 29-njy martda žurnalistlere aýtdy. “Men kän adam bilen gürleşerin, belki-de, prezident Putin, ähtimal Hytaýyň prezidenti bilen hem gürleşerin” diýip, Tramp aýtdy.

Bu sözler Waşingtonyň Orsýeti Wenezuela harby güýçlerini ýerleşdirmekde ýazgarmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Uly derejeli amerikan resmileri rus goşunlarynyň bolmagynyň eýýäm syýasy we ykdysady krizis bilen ýüzbe-ýüz duran ýurtdaky ýagdaýy has-da durnuksylaşdyrýandygyny aýdýarlar.

"Biz Günbatar ýarym şara dahylsyz aktýorlara Wenezuelada ýa-da ýarym şahyň başga bir ýerinde, harby operasiýa gurmak ýa-da ýaýbaňlandyrmak üçin harby güýçlerini ýerleşdirmezlik hakynda berk duýduryş berýäris” diýip, ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jon Bolton 29-njy martda Ak tam tarapyndan çap edilen beýanatda aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG