German polisiýasy ýurduň günbatarynda terror hüjümini planlaşdyrmakda güman edilýän 10 adamyň tussag edilendigini aýdýar.
Dusseldorf prokuraturasynyň sözçüsi 30-njy martda häkimiýetleriň tutulan adamlar bilen “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň arasynda haýsydyr bir baglanyşygyň bolup-bolmandygyny anyklamaga çalyşýandyklaryny aýtdy.
"Biz munuň YD-nyň bölünen topary ýa-da duýgudaşlary bolmak ähtimallaryny çaklaýarys” diýip, ol aýtdy.Güman edilýänler soňky iki günüň dowamynda Essen, Duesseldorf, Wuppertal, Moenchengladbach, Duisburg we Ulm şäherlerinde tussag edildi diýip, Dusseldorfdaky prokurorlaryň sözçüsi aýtdy.
Dpa habar gullugy resmilere salgylanyp, güman edilýänleriň biriniň täjigistanlydygyny aýtdy. Güman edilýän beýleki adamlaryň milleti aýdyň däl.