Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň wise-prezidenti Abdul Raşid Dostum “Talyban” hüjüminden aman galdy


Şybyrgan şäheri. Ýüzlerçe adam Owganystanyň gapma-garşylykly wise-prezidenti Abdul Raşid Dostumy garşy alýar. 30-njy mart, 2019.

Owganystanyň gapma-garşylykly wise-prezidenti Abdul Raşid Dostum “Talyban” hüjüminden aman galdy, hüjümde onuň goragçylarynyň biri öldürildi diýip, polisiýa aýdýar.

Regional polisiýanyň sözçüsi Dostumyň awtoulag kerweniniň 30-njy martda, Balh welaýatyndaky Mazary-Şerif şäherinden demirgazyk Owganystandaky Jowuzjan welaýatyna barýan ýolda hüjüme sezewar bolandygyny aýtdy.

Balh welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Munir Ahmad Farhad 31-nji martda “Talyban” jeňçileriniň awtoulag kerwenine iki ýerde, Çar Bolakda we soňra Faiz Abad etrabynda hüjüm edendiklerini aýtdy.

Owgan goşunynyň beýanatynda iki hüjüm wagtynda “Talyban” söweşijileriniň dördüsiniň öldürilendigi, ýedisiniň ýaraly bolandygy aýdylýar.

“Talybanyň” sözçüsi twitterde bu hüjümi özleriniň amala aşyrandygyny we Dostumyň janpenalarynyň dördüsini öldürendiklerini aýtdy.

Etniki özbek we ozalky uruş serkerdesi Dostum sekiz aý mundan öň, Kabul aeroportunda janyndan geçen bombaçynyň öz garşysyna guran hüjüminden aman galypdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” jeňçi topary öz üstüne aldy. Şonda Dostum bir ýyldan gowrak Türkiýede bosgunlykda bolup, yzyna gaýdyp gelipdi. Ol öz syýasy garşydaşyny gynamak we zorlamak bilen ilteşiklilikde aýyplanýar. Dostum bu aýyplamalary ret edýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG