Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkler ses berýär, pikir soramalar Erdoganyň partiýasynyň ýeňilmek ähtimallygyny görkezýär


Stambul, prezident Reejep Taýyp Erdoganyň goldawçylary. 30-njy mart, 2019.
Stambul, prezident Reejep Taýyp Erdoganyň goldawçylary. 30-njy mart, 2019.

Türkler ýerli saýlawlarda ses berýär, käbir pikir soramalary prezident Rejep Taýyp Erdoganyň dolandyryjy partiýasynyň paýtagt Ankarada we beýleki uly şäherlerde ýeňilmek ähtimallygyny görkezýär.

31-nji martdaky ses berişlik türkler 2017-nji ýylda, prezident dolandyryşyna geçmäge ýol açan konstitusiýa düzedişlerini goldap, Erdogana giň ygtyýarlyklary bereli bäri geçirilýän ilkinji munisipal saýlawlary bolup durýar.

Saýlawlar 1,389 häkimlik, müňlerçe munisipal geňeşligi we beýleki ýerli resmiler üçin geçirilýär.

Erdogan we onuň Adalat we galkynyş partiýasy (AKP), 2002-nji häkimiýete geleli bäri geçirilen her saýlawda ýeňen hem bolsa, ýurtdaky ykdysady çökgünlik, işsizligiň köpelmegi, inflýasiýnyň ösmegi bilen, barha kän garşylyga sezewar bolýar.

Ses berişlige Türkiýäniň 82 million ilatyndan 57,058,636 adam gatnaşmaga hakly.

XS
SM
MD
LG