Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina prezident saýlamak üçin ses berýär, ähli göz öňdebaryjy üç kandidatda 


Kiýew, ses berýäm aýal. 31-nji mart, 2019.

Uruşdan ýadan ukrainalylar 31-nji martda görlüp-eşidilmedik giň meýdanda öňe saýlanan we bir-birinden düýpden başga wadalary berýän üç öňdebaryjynyň içinden prezident saýlamak üçin ses berýärler.

Pikir soramalary Ukrainanyň ses bermäge ukyply 35 million ilatynyň gündogar Ukrainadaky bäş ýyllyk uruşdan alyp çykjak, başyna giden korrupsiýany jylawlajak we öňki sowet respublikasynyň syýasy durgunlykdan çykmagyna kömek etjek lider saýlamak isleýändigini görkezýär.

Iň uly sorag iki tapgyr bolmagy mümkin saýlawlarda ses berijileriň prezidentlik ygtyýarlaryny syýasatçylaryň üstünden gülüp, tomaşa biznesini hünär edinen täze syýasatça bermäge taýýardygy ýa-da häzirki we ozalky emeldarlaryň biriniň daşyna toplanjagy bolup durýar.

Bäsleşýänleriň arasynda iş başyndaky prezident Petro Poroşenkodan başlap, ozalky generallar we içalylar, milletçi kellekeserler, soňky 15 ýyldaky halk galkynyşlarynda görnükli rol oýnap, iki ukrain hökümetini agdarmaga gatnaşan beýleki adamlar hem bar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG